Rusña
Englisca
Turkmence

Asgabat Kluby

"YNAM"

BIZ HAKDA

"Ynam" Asgabat kluby ozbasdak jemgyyetcilik guramasy hasaplanyar. Bizin guramamyz Turkmenistanyn rayatlaryna durmus meseleleri boyunca tolegsiz komek bermek maksady bilen rayatlaryn erkin islegi netijesinde peyda boldy.
Klubyn maksady rayatlaryn we beyleki adamlaryn gorag derejesini yokarlandyrmak. Klub birnace ugurlar boyunca isleyar. Biz rayatlaryn we beylekilerin psihologiki, yuridiki, zyna, an bilimleri barada mesgullanyarys. Psihologiki we hukuk komekleri tolegsiz ynam telefony arkaly ya-da gurrundeslik arkaly gecirilyar. Bizin yurdumyz ucin gymmatly baylyk adam hasaplanyar. Bu barada esasy kanunymyz bolan Turkmenistanyn Konstitutiyasynyn 3 maddasynda Turkmenistanda dowletin we jemgyyetin in gymmatly baylygy adam hasaplanyar diyip aydylyar.
Dine Dowlet we Jemgyyetcilik guramalarynyn yakyn aragatnasygy netijesinde bu maksada yetip bolar. Sonun ucin biz oz Dowlet institutlarymyz bilen psihologiki we beyleki komeklere mataclik cekyan adamlara komek we goltgy bermage calysyarys. Dap boyunca adamlar oyde, isde sahsy we jemgyyetcilik durmusynda kyncylyklar peyda bolanda komege matac bolyarlar. Sonda oz kyncylygyn bilen yekelikde galmak gaty agyr dusyar we kopusi ozbasdak bas alyp cykyp bilmeyarler. Yadynyza salyn koplenc halatda siz ozunize komek ucin garyndaslarynyza, tanyslarynyza, dostlarynyza, joralarynyza yuz tutyarsynyz. Kahalatda gynanjy biri bilen den paylasanynda yeterlik bolup, ozuni yenil duyyarsyn. Koplenc tejribeli yoldasyn parasatly maslahaty kyncylykdan bas alyp cykmaga komek edyar. Kop halatda yorite hunarmenin komegi zerur bolyar. Kyn meselani cozmek ucin yorite sowatly hunarmenin cekilmegi cylsyrymly yagdaydan nahili bas alyp cykmagyn yollaryny salgy bermage komek eder. Sizin durmusynyzdaky her bir kyncylyk bu cylsyrymly yagday, islesen islemesen oz cozgudini talap edyar. Haysy cozgudin dogrydygyna ya-da yalnysdygyna uly durmus tejribesi bolan adamlara hem dusunmek kyn. Sonun ucin yalnysmazlyk wajyp. Halk arasynda "Bela bir ozi gelmeyar" diyen sozi yadynyza salyn. Adam cylsyrymly yagdaya sezewar bolanda kyncylygy cozjek bolup, bitertip hereket edip, kerebin icinden cykjak bolup synanysyan sinek yaly beter kelebinin ujuny yitiryar. Seytmek bilen adamlar oz-ozlerine kyncylyklary doredyarler. Kahalatlarda kyncylygy cozmek ucin ona dusunip, aradan ayyrmaga sananysmak yeterlik bolyar. Dawaly yagdayda komek berip, kyncylygy cozmage komek etmek bilen bizin guramamyzyn isinin onunden netlenendigini klubyn agzalary goryarler. Bizin klubymyzyn nysanynyn hem yumagy cosleyan kepderinin saylanmagy totanleyindal. Malim bolsy yaly bu nysan hemmelere dusnukli bolup, guramanyn isini doly suratda suratlandyryar. Yumak - komek sorap yuz tutyan adamlaryn kyncylyklary hokmunde goz onune getirsen, kepderi bolsa - ol yumagy coslap komek beryar we guramanyn isini doly suratladyryar. Kepderi belli bolsy yaly dunya ylalasygynyn nysany. Biz cylsyrymly yagdaylar bilen komek sorap gelyan adamlaryn ylalasyk yoluna gecmeklerine calysyarys. Bize dine bir oz yurdumyzyn rayatlary yuz tutman beyleki rayatlar hem yuz tutyarlar. Bu barada guramanyn Duzgunnamasynda hem bellenilyar. Adamlar komege matac bolanlarynda yuz tutyarlar we ynanc gatnasyklary peyda bolyar. Eger adamlar ynanmasalar yuz tutmayarlar. Klubyn maslahat bermek isi ynanc esasynda esaslandy diyip arkayyn aytsa bolar. "YNAM" - ynanc diymegi anladyar.
Klub oz isinde oz adynyn doly hem dogry saylanandygyny subut edip gelyar we doly odeyar. Komek sorap, yuz tutyanlaryn gun sayyn osyanligi totanleyin dal.